icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

15 ýanwar 2025

102

Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň KONSEPSIÝASY

Soňky ýyllarda bolup geçen tendensiýalar we wakalar halkara we döwletara gatnaşyklarynda çynlakaý üýtgeşmelere, ählumumy we sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegine hem-de ýer togalagynyň dürli künjeklerinde dawa-jenjelleriň ýüze çykmagyna şaýatlyk edýär.

Bu hadysalaryň sebäpleri we netijeleri dürli-dürli bolup durýar, ýöne halkara syýasatynyň häzirki ýagdaýyny kesgitleýän häsiýet dünýäniň gurluşynyň şu ýa-da beýleki görnüşiniň dogrudygy baradaky garaýyşlarda we düşünjelerde ynanyşmak ýagdaýynyň ýetmezçilik edýändigini we düýpli tapawutlaryň bardygyny aýdyň görkezýär.

Bularyň hemmesi bütin halkara gün tertibini geçmişe tarap yza dolamaga, ýagny döwletleriň birleşmeleriniň we siwilizasiýalaryň arasyndaky gapma-garşylyk döwrüne getirmäge, täze kynçylyklara we howplara garşy göreşmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, bar bolan baýlyklary we çeşmeleri adalatly paýlamak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, garyplygy, deňsizligi ýeňip geçmek, howanyň üýtgemegi boýunça zerur çäreleri görmek we dünýä ähmiýetli başga-da birnäçe möhüm meseleler babatda köptaraplaýyn aragatnaşyklary uly derejede çylşyrymlaşdyrmaga ukyply bolan örän çylşyrymly ýagdaý bolup durýar.

Ýüze çykan şunuň ýaly şertlerde Türkmenistan jogapkärli döwlet hökmünde häzirki kynçylykly ýagdaýlary döredijilikli meýdançada ýeňip geçmek üçin halkara tagallalaryny birleşdirmek hem-de munuň üçin degişli syýasy-diplomatik şertleri we mümkinçilikleri döretmek boýunça zerur çäreleriň görülmegi ugrunda çykyş edýär.

Şundan ugur alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde biziň ýurdumyz Baş Assambleýanyň «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamasyny öňe sürdi we ol resminama 86 döwletiň dörediji bolup çykyş etmeginde biragyzdan kabul edildi.

Bu Kararnamada Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasgoýujy maksatlary we ýörelgeleri, hususan-da, ýüze çykýan jedelli meseleleri parahatçylykly serişdeler we usullar arkaly çözmek baradaky borçnamalar öz beýanyny tapdy.

«2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog parahatçylygyň kepili» diýen halkara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçýändigine şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde agzalan resminamanyň kabul edilmegi bilen, häzirki wakalara we tendensiýalara deňgyra baha bermek arkaly, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy we gapma-garşylykly dartgynlygy ýeňip geçmek üçin BMG-niň mümkinçiliklerini ulanmak babatda ilkinji möhüm ädim ädildi.

Türkmenistan 2025-nji ýylda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek baradaky çözgüde ählumumy derejedäki waka, halkara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze tapgyryna geçmek üçin hakyky mümkinçilik hökmünde garaýar. Hakykatda, Türkmenistanyň başlangyjy ähli döwletleri dünýä ulgamynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak baradaky baş pikiri durmuşa geçirmegiň syýasy, ideologiki we amaly taraplaryny öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çagyryşdyr.

Bu wezipäniň ulgamlaýyn esasda çözülmelidigi, hukuk we institusional gurallaryna esaslanmalydygy äşgärdir. Şu logika esaslanyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Biz muny 21-nji asyrda döwletara we halkara gatnaşyklaryň gurluşynyň garaýyşlar we ýörelgeler ulgamy hökmünde görýäris.

Strategiýa howpsuzlygyň ähli ugurlarynyň, ýagny harby-syýasy, ykdysady, energiýa, daşky gurşaw, biologik, tehnogen, maglumat howpsuzlygynyň özara baglanyşygyna esaslanýan dünýä meselelerini çözmekde toplumlaýyn çemeleşmegi göz öňünde tutýar.

Şundan ugur alyp, Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasy bar bolan hakyky ýagdaýlary we dünýä ösüşiniň zerurlyklaryny beýan edýän döwletara gatnaşyklarynyň täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmek üçin niýetlenendir. Şol sebäpli, konsepsiýa babatynda Türkmenistan agzalan strategiýany işläp düzmek pikirini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň logiki we kanunalaýyk baglanyşygy hasaplaýar.

Oňa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny goşmak teklip edilýär, hususan-da:

- öňüni alyş diplomatiýasy, dawalaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak üçin gural hökmünde (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72/7, 75/272 we 77/273 belgili 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde we 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda kabul eden «BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy sebit merkeziniň orny» atly kararnamalarynyň esasynda);

- bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy we diplomatik ýollardan çözülmegi üçin (BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 7-nji dekabryndaky 75/28 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş ýagdaýyny saklamakda we pugtalandyrmakda Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly we 2017-nji ýylyň 2-nji fewralyndaky 71/275 belgili «Halkara Bitaraplyk güni» atly kararnamalarynyň esasynda);

- ynamdar dialog medeniýetini dikeltmek
(BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky 73/338 belgili «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», 2022-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky 77/32 belgili «2023-nji ýyl – Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» we
2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky 78/266 belgili
«2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» kararnamalary).

Şeýlelikde, Türkmenistan Ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen täze guraly döretmek pikirini teklip etmek bilen, BMG-niň dünýä jemgyýetçiliginiň häzirki döwrüň kynçylyklary we olary ýeňip geçmegiň ýollary baradaky garaýyşlaryny beýan edýän halkara hukuk binýadyna berk esaslanýar.

2025-nji ýyl dünýä meselelerinde ösüp barýan ýurtlaryň has aýdyň we täsirli ornuny görkezmegi maksat edinýär. Hakyky ynanyşma diňe ösüp barýan döwletleriň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar etmegi, olaryň syýasy özygtyýarlylygyna hormat goýulmagyny, energiýa çeşmeleriniň deň paýlanmagyny, tehnologiýa elýeterliligini, howanyň zyňyndylary we daşky gurşawy aýawly saklamak meselelerinde kemsitmezlik çemeleşmeleri berjaý etmegi göz öňünde tutýan deňhukukly we sazlaşykly dialogyň esasynda döredilip bilner. Ählumumy derejede durnukly howpsuzlygy we durnuklylygy diňe görkezilen şertler ýerine ýetirilen halatynda üpjün edip boljakdygy äşgärdir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan sebit howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns bermegi teklip edýär.

Şu nukdaýnazardan, biziň ýurdumyz Merkezi Aziýanyň we ýanaşyk sebitleriň meselelerine, ýagny bar bolan syýasy, durmuş, ynsanperwer, daşky gurşaw, energetika, suw serişdelerini ulanmak we beýleki meseleleriň toplumyna örän ünsli garamagyň zerurdygyndan ugur alýar. Munuň üçin esas hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama», «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» hakyndaky kararnamalary hyzmat edýär.

Türkmenistan BMG-niň işine hem mazmun taýdan, hem-de gurluş taýdan sebit ölçeginiň berilmegi ugrunda çykyş edýär. Şeýle çemeleşmäniň bilelikdäki işe zerur bolan aýdyňlygy berjekdigine, onuň iş ukyplylygyny we täsirliligini artdyrjakdygyna ynanýarys.

Merkezi Aziýa – BMG ugry boýunça hemmetaraplaýyn, doly görnüşli, köp derejeli we ulgamlaýyn dialogyň ýola goýulmagynyň wagtynyň gelendigi babatda berk ynam bar. Bu ugur Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüler.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50/80 belgili «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýär. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Baş Assambleýanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky 69/285 belgili Kararnamasy bilen gaýtadan tassyklandy.

Geçen ýyllaryň dowamynda biziň Bitaraplygymyzyň yzygiderli ösüşi bu derejämiziň BMG-niň esas goýujy gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyk gelýändigini subut etdi we dünýä jemgyýetçiliginiň umumy gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Bu ýagdaý şol sanda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilmegi bilen hem tassyklandy.

Beýan edilenlerden ugur alyp, bitaraplyk, onuň ýörelgeleri we amaly gurallary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan has giňden ulanylmalydyr. Bitaraplygyň mümkinçilikleri örän uludyr.

Ol diňe birnäçe döwletiň özleri üçin parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we abadançylyk getiren daşary syýasatlarynyň milli nusgasy bolman, eýsem ýüze çykýan düşünişmezlikleri gepleşikler stolunyň başynda parahatçylykly ýollar arkaly çözmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Şu pikire eýermek bilen, Türkmenistan bitarap döwletlere Milletler Bileleşiginiň parahatçylyk dörediji tagallalarynda BMG-niň ileri tutulýan hyzmatdaşy diýen hukuk derejesiniň berilmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi. Munuň bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan has işjeň we manyly ulanylmagy üçin täsirli hem-de ylham beriji itergi boljakdygyna ynanýarys.

Türkmenistan bitarap, goşulyşmaýan we birleşmelere girmeýän ýurtlaryň, bar bolan we ýüze çykyp biljek gapma-garşylyklary çözmegiň parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullaryna geçmek üçin şertleri döretmekde mümkinçiliklerini, tejribesini we ygtyýarlygyny birleşdirip, gapma-garşylyklara gatnaşmazlyk hem-de goşulyşmazlyk ýörelgelerine eýerýän ähli döwletleriň goldawyna garaşýar. Şu manyda aýdylanda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly gapma-garşylyk häsiýetli çemeleşmeden ýüz öwüren ähli sagdyn we jogapkärli güýçleri, döwletleri ýa-da ýurtlaryň toparlaryny birleşdirmek üçin meýdança hökmünde bitaraplygy iş ýüzünde amal etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň tutýan ornuny bellemek bilen, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemme agza döwletleriň hukuk taýdan ähli ygtyýarlylyklara eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň Tertipnamasyna we onuň mandatyna ygrarlydyklaryny tassyklajakdyklaryna ynam bildirýär.

Hut häzirki wagtda, halkara ýagdaýynyň ýitileşen şertlerinde güýçli, täsirli, netijeli BMG bolan zerurlyk has hem artýar. Onuň öňbaşçy wezipesi babatynda şübhe bolmaly däl-de, eýsem ol güýçlendirilmeli we goldanmalydyr. Häzirki wagtda hakykatdan-da çynlakaý bolan dünýä meseleleriniň hiç birini ýekelikde çözmek mümkin däldir. Bu eýýäm subut edilen hakykat bolup durýar. Şol sebäpli diňe BMG özüne mahsus bolan tejribesiniň esasynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde merkezi, möhüm orny eýelemäge ukyplydyr. Türkmenistan munuň üçin ähli tagallalary eder.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan Durnukly Ösüş Maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmegi teklip edýär.

Bu maksatlara diňe häzirki zaman dünýä ulgamynyň esasy ösüş hadysalaryna ähli döwletleriň doly görnüşde gatnaşmagy üçin şertleri üpjün etmek, geljegiň ykdysadyýetine çäk goýmaklyk, birtaraplaýynlyk, syýasatlaşdyrmaklyk we kemsitmeklik bolmazdan täze çemeleşmeleri döretmek arkaly ýetmek mümkindir.

Şeýle hem Türkmenistanyň ädimleri Durnukly Ösüş Maksatlary babatda bilelikdäki işe hem-de geoykdysadyýetiň durmuşa geçirip boljak we uzakmöhletleýin nusgalaryny döretmäge gönükdirilendir. Munda energetika özgerişligi we ulag arabaglanyşygy ýaly iki strategiki ileri tutulýan ugruň durmuşa geçirilmegine kesgitleýji orun berilýär.

Türkmenistan tarapyndan ýaňy-ýakynda öňe sürlen Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnuklylygy boýunça hyzmatdaşlygyň Bileleşigini hem-de Durnukly ulag baglanyşygynyň Ählumumy Atlasyny döretmek baradaky tekliplere düşünilmegini we olaryň goldanylmagyny gazanmak zerurdyr.

Türkmenistan pes uglerodly energetika geçmek arkaly energetika özgerişligini amala aşyrmagyň strategiki ugruny saýlady. Bu ýagdaýda agzalan ýoldan gitmek isleýän döwletler üçin deň we birmeňzeş amatly şertleri kepillendirjek, energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmek üçin zerur şertleri döredip biljek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini mümkin boldugyndan köp ulanmak üçin özleriniň howa we geografiki artykmaçlyklaryny peýdalanmaga mümkinçilik berjek çemeleşmeler hem zerur diýlip hasaplanýar.

Bu çemeleşme ykdysadyýetde, söwdada, ulagda, senagatda, çig mal öndürmekde we gaýtadan işlemekde we beýleki birnäçe ugurlarda ekologiýa ölçegleriniň gyşarnyksyz ileri tutulmagyny, şeýle hem ilatyň ekologiýa sowatlylygyny, biliminiň we aň-düşünje derejesiniň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda adaty energiýa çeşmeleriniň «ýaşyl» gün tertibine esaslanýan täze çeşmeler bilen utgaşdyrylmagy we sazlaşykda ulanylmagy talap edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistan «ýaşyl diplomatiýa» hem-de umumy jogapkärçilige esaslanjak, hususy we toparlaýyn bähbitleri ýeňip geçjek, umumy bähbitlere hyzmat etjek özara gatnaşyklaryň görnüşlerini dünýä giňişliginde ilerletmäge aýratyn üns berer.

Türkmenistan ählumumy azyk howpsuzlygy, elýeterli saglygy goraýyş, ýokanç keselleriň öňüni almak we bütindünýä epidemiýalarynyň netijelerini ýeňip geçmek meselelerinde hem edil şunuň ýaly ýörelgeleriň tarapdary bolup çykyş eder.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) ornuny berkitmegiň we goldamagyň maksadalaýyklygyndan ugur alýar. BSGG-niň ýardamy we utgaşdyrmagy esasynda, derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny bu ugurda has uly kynçylyk çekýän ýurtlara öz wagtynda we üznüksiz eltip bermek üçin has netijeli we adalatly logistika ulgamyny döretmek zerur hasaplanylýar.

Türkmenistan öňümizdäki «2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna» halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmegiň örän möhüm döwri hökmünde garaýar.

Biziň köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde alyp barjak işlerimiz aşakdaky maksatlar bilen baglanyşykly bolar:

  • bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek;

  • eneligi we çagalygy goldamak;

  • ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ylymda, döredijilikde we sportda öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmekleri üçin şertleri döretmek.

Türkmenistanyň bu meselelere çemeleşmesi ynsanperwer ugurly düzümler bolan ÝUNESKO, BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNICEF), BMG-niň bosgunlar boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy we beýleki guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ýollaryny işjeňleşdirmäge we netijeliligini ýokarlandyrmaga esaslanýar.

Ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem uly ähmiýete eýe bolýandygy aýratyn möhümdir. Şol sebäpli bu Gaznanyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dürli ýurtlarda mätäçlik çekýän adamlara giňmöçberli ynsanperwer goldaw bermek işleri dowam eder.

Demokratik institutlary, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň amallary we bu meselelerde halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmekde hukuk goraýjy düzümler hem-de
BMG-niň edaralary bilen konstruktiw we birek-birege hormat goýmak esasyndaky hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir.

Ynsanperwer gün tertibiniň medeniýetara gatnaşyklaryň, halklaryň arasynda özara düşünişmek, hormat goýmak we hoşniýetlilik köprülerini gurmagyň, düşünişmezlikleri, köpçülik aňynda ornaşan ters garaýyşlary we pikirleri ýeňip geçmegiň möhüm we aýrylmaz bölegine öwrüljekdigine ynanýarys. Bu işde parlament we «halk» diplomatiýasyna, medeni alyş-çalyşlara, zenanlaryň, ýaşlaryň we sport wekilleriniň gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidir.

Türkmenistan tarapyndan 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen «Geljegiň sammitinde» kabul edilen «Geljegiň hatyrasyna paktyny» iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda seredilýär. Türkmenistan jemleýji resminamada beýan edilen ähli maksatlara ýetmek üçin tagallalary eder.

Beýan edilen çemeleşmeler we garaýyşlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp derejede geçirmek boýunça Türkmenistan tarapyndan teklip edilýän aşakdaky anyk işleri hem-de çäreleri amala aşyrmak üçin umumy syýasy meýdança bolup durýar:

1. Halkara forumlar we maslahatlar:

•        2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň resmi açylyşy;

•        Mowzuklaýyn maslahatlar we dialoglar, şol sanda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň we Baş Assambleýasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň, BMG-niň Parahatçylygy üpjün etmek boýunça komissiýasynyň we beýleki halkara meýdançalaryň çäklerinde;

•        Parlamentara dialog forumy;

•        Parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy berkitmek boýunça sebit maslahatlary;

•        Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň yzygiderli duşuşyklary;

•        Parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine zenanlaryň we ýaşlaryň ornuny  berkitmek boýunça halkara çäreler;

•        BMG-niň merkezi edarasynda geçiriljek bitaraplyk hakynda maslahat.

2. Maglumat we aň-bilim işi:

•        Bitaraplygyň ýörelgelerine, onuň dawalaryň öňüni almakda we durnukly ösüşi gazanmakda eýeleýän ornuna bagyşlanan maglumatlary taýýarlamak we çap etmek;

•        Bilim maksatly çäreleri, ýagny dersleri, okuw sapaklaryny we interaktiw seminarlary guramak;

•        Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmek hem-de bu işe ýaşlaryň ählumumy goşulmagyny gazanmak maksady bilen, jemgyýetçilik torlaryny we sanly diplomatiýany amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ulanmak.

3. Halkara medeni-köpçülikleýin çäreler:

•        «Parahatçylyk sazy» festiwaly;

•        «Parahatçylyk we ynanyşmak» atly halkara ýaşlar bäsleşigi;

•        Halkara sport çäreleri;

•        Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlarynyň geçirilmegi;

•        Talyplar üçin ylmy bäsleşikler we maslahatlar;

•        Mekdeplerde parahatçylyk we ynanyşmak barada açyk sapaklar.

4. BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň derejesindäki işler:

•        Bitaraplygyň dostlary toparynyň tematiki duşuşygy;

•        Parahatçylyk zolagy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisi;

•        Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça sebit duşuşygy.

5. Webinarlar we wideomaslahatlar:

•        Hyzmatdaşlar bilen Bitaraplyk hakynda webinarlar;

•        Halkara gatnaşyklary boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideomaslahatlar.

6. Sebitleýin we ýöriteleşdirilen çäreler:

•        Hazar meselesi boýunça duşuşyklar;

•        Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça köptaraplaýyn dialoglar;

•        Ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň ugry boýunça okuw maslahatlary.

2025-nji ýylyň dekabr aýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek uly halkara forumy naýbaşy waka bolar.

Türkmenistan özüniň syýasy giňişligini we bar bolan infrastrukturasyny bu Konsepsiýanyň maksatlaryny amala aşyrmak hem-de degişli çäreleri durmuşa geçirmek üçin ulanmaga taýýardyr.

Bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, halkara guramalar, düzümler we institutlar bilelikdäki döredijilikli işleri amala aşyrmak üçin hormat bilen hyzmatdaşlyga çagyrylýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi