2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Aşgabatda işewürler maslahaty geçirildi we onuň dowamynda döwlet guramalarynyň, sebit ýurtlarynyň işewürler düzümleriniň, abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri duşuşdylar.
Forum Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmäge, işçi toparlarynyň, şol sanda söwda gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýan telekeçi zenanlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge, sebit bazaryny we eksport mümkinçiliklerini öwrenmäge, hem-de tejribe alyşmaga gönükdirildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň, hususan-da Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň aýaly hanym Rula Ganiniň çykyşynda gadym döwürlerde kerwen ýollarynyň üsti bilen sebit ýurtlarynyň üstünden geçen söwda gatnaşyklary Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga esas bolup çykyş etdi, diýip bellenildi. Häzirki zaman şertlerinde önjeýli gatnaşyklary berkitmek, dünýä hojalygy aragatnaşygynda sebit ýurtlarynyň integrasiýasy ägirt uly ähmiýeti eýeleýär.
Zenan telekeçileriň hereketine bagyşlanan plenar mejlisleriniň çäklerinde gatnaşyklary güýçlendirmek, eksportyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin täze ýollaryny kesgitlemegiň möhümligi, söwdany ösdürmek, haryt dolanyşygyny giňeltmek, işewürlik ugry bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bellenildi. Bu ugurlarda uly gorlaryň we giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, çykyş edenler kiçi we orta telekeçiligiň goldanylmagynda Söwda-senagat edaralarynyň işiniň ähmiýetli ornuny bellediler.
Bellenilişi ýaly, forum netijeli iş meýdanyna öwrüldi we gatnaşyjylar tejribe alşyp, birinji ellerden maglumat alyp, eksport we söwda, ýükleri üstaşyr geçirmek bilen baglanyşykly üstünlikler hakynda aýdyp, täze gatnaşyklary ýola goýup bildiler. Forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler hem geçirildi.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň ýokary guramaçylyk derejesi we wekiliýetlere bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene bir gezek minnetdarlyklaryny bildirip, onuň täze ykdysady ugurlarda ýurtlaryň işewürler-bileleşikleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmekde, şeýle hem umumy gyzyklanmalara jogap bolýan sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmekde örän uly ähmiýetini bellediler.