2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda owgan meselesi boýunça möhüm soraglaryň çözülmegine özara ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamakda geljekki tagallalary birleşdirmäge, Owganystanyň parahat galkynyşy we ösüşi üçin bilelikde hereket etmäge, hem-de tutuşlygyna sebit we sebitara derejede ykdysady integrasiýany güýçlendirmäge ýardam bermegi maksat edinen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi.
Maslahatyň işine Aziýadan, Ýewropadan, Demirgazyk we Günorta Amerikadan, Okeaniýadan 36 döwletiň wekilleri, 28 sany halkara guramalary, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri, birnäçe jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Ikinji Wise-prezidenti S.Daniş, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Rabbani giriş sözleri bilen çykyş etdiler.
Goňşy döwletdäki ýagdaýlary diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatiki ýollar bilen düzgünleşdirmek hakynda çykyş edip, Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna täsirli goldawyny ýetirýär. Owganystan bilen bähbitli we geljegi uly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna mümkinçiligi görkezýän türkmen-owgan syýasy we ykdysady dialogyny üstünlikli özara hereketiň nusgasy hökmünde görkezmek bolýar. Goňşy döwletleriň bilelikdäki işleri diňe bir owgan territoriýasynyň köp bölegindäki ýagdaýy durnuklaşdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem tutuş sebitiň durnukly ösüşi üçin hakyky şert bolup durýar.
Bu günki günde Türkmenistan Owganystanda ençeme uly durmuş-ykdysady taslamalary yzygiderli amala aşyrýar, şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň, şeýle hem Owganystana elektrik geçiriji ugurlaryň gurluşygy bar.
Türkmen gazyny Owganystana göni eltmek bilen gaz geçirijiniň geçjek welaýatlarynda müňlerçe iş orunlaryny döretjek we ýurduň býujetine goşmaça serişdeleri çekmäge ýardam berjek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýle hem özünde goýlan goşmaça kuwwatlyklaryň hasabyna Türkmenistanyň Owganystana elektrik energiýasynyň möçberini birnäçe esse artdyrmak däl, eýsem Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan (TÖTOP) taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasynyň mümkinçilikleri boýunça täze halkara taslamany durmuşa geçirmekde hem amaly işi alyp barýandygy bellenildi.
Maslahatyň dowamynda Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk (Lapis Lazuli ugry boýunça Ylalaşyga) gol çekildi. Ulag geçelgesi sebitiň ykdysady integrasiýasyny ýokarlandyrmagy we söwdanyň möçberini artdyrmagy maksat edinip goýýar.
Maslahatyň jemleri boýunça gatnaşyjylar tarapyndan Aşgabat Jarnamasy biragyzdan kabul edildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň aýtmagyna görä, ýokarda agzalan Owganystanyň ykdysady integrasiýasyny üpjün etmek boýunça taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, sebitiň döwletleriniň durnuklylygyň we howpsuzlygyň güwäsi hasaplanylýan durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk hem berkitmäge we işjeňleşdirmäge ýardam berer.
Şoňa görä-de, Aşgabatdaky RECCA VII-niň häzirki forumy türkmen tarapynyň bu ugurdaky tagallalarynyň, şeýle hem sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we berkitmek boýunça nobatdaky ädiminiň logiki dowamy hasaplanylýar.