14 fewral 2025
4313
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, iň ýokary döwlet derejesinde saparlary taýýarlamaga we geçirmäge aýratyn üns berildi.
Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary iki ýurduň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki özara gatnaşyklaryna garadylar.
Mundan başga-da, ministrler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek barada pikir alyşdylar.
Başga habarlar
24
Sep
В МИД Туркменистана состоялось совещание по итогам заседания Халк Маслахаты
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
24
Sep
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Ähli habarlary görmek