icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

28 fewral 2025

1114

Eýran Yslam Respublikasynyň konsullyk, parlament meseleleri we daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň işleri boýunça daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň konsullyk, parlament meseleleri we daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranlylaryň işleri boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzadeniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşyldy, şeýle hem halkara we sebit gün tertibine garaldy.

Taraplar söwda-ykdysady pudagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlemek bilen, netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem söhbetdeşler Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn häsiýetde ilerlejekdigine hem-de bilelikdäki işiň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy, halklaryň medeni we taryhy gatnaşyklaryny berkitmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi