icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

20 mart 2025

512

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy energetika bazarlaryndaky häzirki ýagdaýy hem-de guramalar bilen ýöriteleşdirilen düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Türkmenistanyň GECF-e goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşyldy.

Taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatynyň netijeleriniň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmen tarapy GECF-iň hünärmenleriniň gatnaşmagynda degişli okuw sapaklaryny we seminarlary geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri GECF-iň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan gurnaljak çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen GECF-iň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi