30 aprel 2025
4930
Türkmenistanyň DIM-inde «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etihad Rail» kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça ýerine ýetiriji direktory Tarik Mohammed Al Falahiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ulag-aragatnaşyk baglanyşyklaryny ösdürmek babatynda port infrastrukturasyny öz içine almak bilen demir ýol, deňiz we howa ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatynda özara ygrarlylyklaryny bellediler.
Başga habarlar
24
Sep
В МИД Туркменистана состоялось совещание по итогам заседания Халк Маслахаты
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
24
Sep
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Ähli habarlary görmek