2017-nji ýylyň noýabr aýynyň 17-sine Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt ş.) Konsullygy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, kitap sergisi we açyk gapylar güni geçirildi. Bu geçirilen çärelere “Türkmen kultur ojagy” medeni merkezinden wekiller, akreditirlenen daşary ýurtly diplomatlar we türkmenistanly talyplar çagyryldy.
Kitap sergisi Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan alnan jümleler bilen alçylyp, onuň yz ýanyndan Milli Lidermiziň bize peşgeş beren kitabynyň many-mazmuny, onuň taryhy, medeni, ykdysady gymmatlyklar bilen baglanyşykly ähmiýeti çärä gelen myhmanlara äşgär edildi. Çärä gelenler üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň başga kitaplary bilen hem ýakyndan tanyşmaga, olary hut özleri okap görmäge mümkinçilikler döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Konsullygyň açyk gapylar güni bilen utgaşyp gitdi. Açyk gapylar güniniň barşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýeten sepgitlerimiz, Bitaraplygymyzyň bize berýän ähmiýeti, Ata-Watanymyzyň ýagty gelejegi, Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy ösdirmek üçin alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek hakynda wagyz nesihat edildi we aýdylyp geçilen ugurlar boýunça giňden pikir alyşyldy.