2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Berlinde GFR-niň daşary syýasy edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşykda german tarapyna Andreas Peşke, GFR-niň DIM-niň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtyýarlandyrylan wekili, türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi.
Syýasy geňeşmeleriň dowamynda syýasat, ykdysadyýet, ulag we daşky gurşawy goramak, şeýle hem «ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça halkara guramalaryň, hususan hem BMG-niň we ÝHHG-niň çäginde hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garaldy. Şeýle hem sebitleýin we halkara howpsuzlygyň, ekstremizme we fundamentalizme garşy göreşmegiň meseleleri boýunça pikirler alşyldy.
Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garamak bilen, saglygy goraýyş, medeniýet, sungat, bilim, daşary ýurt dillerini öwrenmek we bilim ugry boýunça wekiliýetleri alyşmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.
Berline bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň GFR-ň telekeçileriniň birleşmesiniň «German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň» ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özarabähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikirleri alyşdylar, nemes kompaniýalarynyň Türkmenistandaky işi bilen bagly meselelere garadylar.