2017-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Aşgabatda “Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Owganystanyň Demir ýollary edarasynyň arasynda Turgundy serhet stansiýasynyň demir ýol şahasyny düýpli abatlamak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanan Ähtnama Owganystanda serhet ýakasyndaky Turgundy bekedinde demir ýoly düýpli abatlamagy göz öňünde tutýar.
Täze resminama döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümlerini giňeltmäge we gatnaşyklary, demir ýol ulgamynda ysnyşykly ulag hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy nokadyna çenli onuň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy bu bölegiň täzeden guruljakdygyny aňladýar, özi-de, dolulygyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar. Umuman, eltýän ýollar bilen birlikde, demir ýoluň 13 kilometrini çekmeli, döwrebap düzümi gurnamaly bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy döwletimiz bilen gatnaşyklara aýratyn üns berip, onuň durnukly ösmegi, sebit we ählumumy işlere doly bahaly goşulmagy, owgan topragynda pugta parahatçylygyň we ylalaşygyň dikeldilmegi üçin şertleriň döredilmegine ýardam edýär. Owganystanda syýasy düzgünleşdirmäniň diňe parahatçylykly, diplomatik serişdeler arkaly gazanmak mümkindigine bolan berk ynam türkmen tarapynyň eýerýän düýpli ýörelgesi bolup durýar.
Ähtnama şu günki gol çekmek dabarasynda owgan tarapynyň wekilleriniň belleýşi ýaly, Owganystan Türkmenistan bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar hoşniýetli özara hereketleriň nusgalyk göreldesi bolup, diňe iki ýurduň däl, eýsem, ondan has giň möçberlerde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýär. Goňşy döwletiň wekilleri Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek hem-de ýagdaýlary parahatçylyk ýollar bilen düzgünleşdirmek meselelerinde işjeň orun eýeleýändigi we ägirt uly goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmek, bu ýurda nebit önümlerini getirmekden başlap, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary we beýleki harytlary eksport etmäge çenli dürli önümleriň iberilmeginiň we ýük dolanyşygynyň artdyrylmagynyň netijesinde kiçi we orta işewürligiň tutýan ornuny güýçlendirmek üçin goşmaça ýagdaýlary döretmäge mümkinçilik berer. Şeýlelik bilen, Owganystanyň ulag ulgamy çatyrykdaky serhetýaka Turgundy bekediniň üsti bilen Türkmenistanyň demir ýol ulgamyna birikdiriler. Ol bolsa üçünji ýurtlara çykmaga ýol açýar we sebitde döwletara gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.