14 iýul 2025
3433
Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Huanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Hytaýyň wekiliýetiniň wekillerini LLDC 3-iň çäginde geçiriljek Zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.
Başga habarlar
24
Sep
В Ашхабаде состоялось заседание Халк Маслахаты Туркменистана
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
21
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
21
Sep
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
Ähli habarlary görmek