icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

10 dekabr 2025

1074

Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň wajyp gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşdylar.

Iki ýurduň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygy bellenildi. Muny taraplaryň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldamak tejribesinde görmek bolýar.

Taraplar ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Hususan-da, bilim maksatnamalary we ispan diliniň öwrenilmegi ýaly ugurlardaky mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi