Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
14 ýanwar 2026
2539

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

2026-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksa bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Iň ýokary we ýokary derejeli geljekki saparlara taýýarlyk görmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar birnäçe sebitleýin we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar şeýle hem ýokary tehnologiýalar, ulag, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak we ýokary hünär bilimi ugurlary boýunça häzirki dowam edýän we geljekde mümkin bolan bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.