16 ýanwar 2026
3565
Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin gatnaşyklary boýunça özara gyzyklanma bildirilýän häzirki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar birnäçe sebitleýin we halkara meseleleriniň hem üstünde durup geçdiler.
Duşuşykda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ynsanperwer häsiýeti nygtaldy.
Başga habarlar
24
Oct
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat
23
Oct
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
23
Oct
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
22
Oct
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
Ähli habarlary görmek