Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2026-njy ýylyň 20-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň halklaryny ýetip gelen Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
“Biziň halklarymyz bu nurana baýramy asyrlaryň dowamynda bilelikde belläp gelýärler. Ol halklarymyzy birleşdirip, taryhy köklerimiziň, medeniýetlerimiziň, däp-dessurlarymyzyň umumylygyny alamatlandyrýar. Ertir bolsa täzelenişiň we ýagşy umyt-arzuwlaryň nyşany bolan bahar baýramy — Nowruz güni belleniler” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Özbegistanyň Prezidentine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň salamyny, Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.
“Doganym hormatly Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagynyň dört ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, dostlukly döwletiň Baştutany aýtdy we türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň uly goşandyny aýratyn belledi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurtlarymyzyň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bir hatarda, ynsanperwer gatnaşyklary hem giňeldýändiklerini nygtady.
“Şeýle baýramlary bilelikde bellemek bilen, biz türkmen hem-de özbek halklarynyň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi pugtalandyrýarys, dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berýäris” diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň berk binýadynyň köp babatda parahatçylygyň we adalatlylygyň beýik taglymlaryna umumy ygrarlylyk bilen kesgitlenilýändigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmagyň dowamynda hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
“Ýokary derejedäki duşuşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolup, netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bu duşuşyklar hemişe özara gatnaşyklar babatda täze mümkinçilikleri açýar. Şu ýyl hem biz ony dowam etdirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça dialog üçin täze duşuşyklary meýilleşdirýäris” diýip, Milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistanda şu ýylyň güýzünde möhüm sammitleriň — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljekdigini aýtdy.
Hormatly Arkadagymyz iki sammitiň hem çäklerinde iri medeni-ynsanperwer çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewi ýokary düzümli wekiliýete ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine geçip, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň netijeli işini kanagatlanma bilen bellediler.
Özara haryt dolanyşygy hem durnukly ösüş häsiýeti bilen tapawutlanýar. Şunda serhetýaka söwda zolaklaryna möhüm orun degişlidir.
Söhbetdeşler özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, munuň üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň, önümçilik-tehnologik binýadynyň bardygyny bellediler.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň, parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly doganlyk ýurtlar hökmünde sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça yzygiderli dialogy alyp barmalydyklaryna ünsi çekdiler.
Söhbetdeşler ylym we bilim ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny aýdyp, medeni alyşmalary, özara Medeniýet günlerini, bilelikdäki sungat festiwallaryny, beýleki medeni çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmäge iki ýurduň hem taýýardygyny tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşler öňde durýan giň möçberli bilelikdäki işler barada pikir alyşmagyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine Merkezi Aziýada parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleri bilelikde üstünlikli çözýändiklerini nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-biregi Oraza baýramy hem-de ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.