09 aprel 2026
1915
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna sapar bilen ugrady.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gelende Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Wena-Şwehat Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Awstriýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Awstriýa Respublikasyna sapary dowam edýär.
Başga habarlar
23
Oct
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
23
Oct
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
22
Oct
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
21
Oct
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Ähli habarlary görmek