Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, hytaý wekiliýetine bolsa, Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy Býurosynyň Hemişelik Komitetiniň Agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Hemişelik Wise-Premýeri Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisi açmak, taraplar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Iň ýokary döwlet derejesinde yzygiderli we many-mazmunly syýasy dialogyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berýändigi nygtaldy.
Iki ýurduň abraýly halkara we sebit düzümleriniň, şol sanda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.
Mejlisiň dowamynda Komitetiň altynjy mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine garaldy. Hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça taraplaryň gazanan ähmiýetli netijeleri bellenildi.
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň bilelikdäki işi utgaşdyrmakda we amaly çözgütleri işläp taýýarlamakda netijeli meýdança bolup çykyş edýändigi bellenildi.
Mejlisiň gün tertibi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň meseleler toplumyny öz içine aldy. Söwda-ykdysady we energetika hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Gaz ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň, şol sanda «Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisiniň netijeli ulanylmagynyň strategik ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, «Galkynyş» gaz käniniň täze tapgyrlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işleriň mundan beýläk-de ilerledilmeginiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Muňa bolsa türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garalýar.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag we logistika hem aýratynlandyryldy. Taraplar halkara ulag-üstaşyr ugurlaryny ösdürmek boýunça, şol sanda «Hytaý – Türkmenistan – Hazar deňzi – Ýewropa» hem-de «Türkmenistan – Hytaý – Günorta-Gündogar Aziýa we Aziýa-Ýuwaş umman sebiti» ugurlary boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde ýokary tehnologiýalar, emeli aň, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, oba we suw hojalygy, şeýle hem metrologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk bellenildi.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem aýratyn ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, hytaý wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň, şol sanda ýurdumyzda ilkinji Lu Ban ussahanasynyň, şeýle hem Adaty hytaý lukmançylygy merkeziniň birinji tapgyrynyň açylmagynyň ähmiýeti bellenildi.
Mejlisiň jemleri boýunça taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
***
Mejlisiň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi, olaryň hatarynda:
-
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň Teswirnamasy;
-
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ýörelgeleri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Baş Ylalaşyk;
-
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 5 ýyl üçin (2026–2030-njy ýyllar üçin) hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasy;
-
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni merkezleri özara döretmek hakynda Ylalaşyk;
-
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
-
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Milli ösüş we özgerişler komissiýasynyň arasynda emeli aň babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
-
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda 2026–2028-nji ýyllar üçin ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnama;
-
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Hytaýyň Daşary işler uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
-
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkeziniň (Hytaý Halk Respublikasy) we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň (Pekin ş.) (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşyk;
-
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama.