Türkmenistanyň BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMGÖM bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
2026-2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem döwlet dolandyryşy, sanly özgertmeler, ykdysady ösüş, howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi we durmuş ulgamy ýaly ugurlary öz içine alýan taslamalaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn depgini, şol sanda bilelikde durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň sanynyň yzygiderli artýandygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça üçünji Meýletin milli synyny 2027-nji ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň ýokary derejedäki Syýasy forumynynyň çäklerinde hödürlemek üçin taýýarlamaga aýratyn üns berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek we döwrebap gurallaryny ornaşdyrmak ýaly durnukly ösüşiň möhüm meselelerini mazmunly ara alyp maslahatlaşmak üçin Açyk söhbetdeşlik formatynyň netijeli meýdança bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.
Şeýle hem taraplar häzirki bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişi, serişdeleri çekmek hem-de pudagara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça ähli agzalan ugurlar boýunça netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýarlyk tassyklanyldy.