Baş sahypa / Habarlar
img
12 maý 2026
67

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň wekillerini kabul etdi

2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany, «PETRONAS» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi, «PETRONAS» kompaniýasynyň Baş önümçilik direktory, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, gözleg we agtaryş, özleşdirme we çykaryş bölümçesiniň baş ýerine ýetiriji direktory Mohd Jukris bin Abdul Wahaby kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Malaýziýa bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk hemişe özara hormat goýmak we deňhukuklylyk esasynda alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk netijeli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň, özara saparlaryň döwletara gatnaşyklary berkitmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-malaý gatnaşyklarynyň wajyp ugry bolup durýar. Türkmenistan bilen Malaýziýanyň ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanmakda “PETRONAS” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga 30 ýyl dolýandygyna ünsi çekip, şol döwürde “PETRONAS” kompaniýasynyň Türkmenistanda uglewodorod serişdelerini çykarmak, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşandygyny, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda üstünlikli işleri alyp barandygyny aýtdy.

Malaýziýanyň wekiliýetiniň ýurdumyza şu gezekki saparynyň çäklerinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” kompaniýasynyň arasynda täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Malaýziýanyň wekilleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.