Baş sahypa / Habarlar
img
23 maý 2026
99

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Sergeý Lebedew bildirilen myhmansöýerlik hem-de duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Arkalaşykda Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy hem-de köptaraply dialogy ösdürmäge berýän goldawyna ýokary baha berilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany mähirli mübärekläp, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi hem-de mejlisiň dowamynda hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň GDA agza döwletleriň bähbidine wajyp ylalaşyklaryň gazanylmagyna şert döretjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki özara gatnaşyklar ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýär hem-de ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmek wezipesine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýär. Ýurdumyzyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazaryň kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi we bu sammitiň ýylyň esasy wakasy boljakdygyny belledi. Bu ýokary derejeli forumyň çäklerinde Arkalaşygyň giňişliginde özara ynanyşykly hyzmatdaşlygyň binýadyny has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilen anyk teklipler ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ähli agzalaryna we aýratynlykda Baş sekretary Sergeý Lebedewa hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdaky hünär derejesindäki çemeleşmesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen GDA-nyň Baş sekretary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.