Baş sahypa / Habarlar
img
26 maý 2026
76

Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 25-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Milli Liderimizi, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny we tutuş türkmen halkyny giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady. Ahmet Çalyk Aşgabadyň soňky ýyllarda tanalmaz derejede gözelleşendigini aýratyn nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, işewüri myhmansöýer türkmen topragynda kabul etmäge örän şatdygyny aýtdy we öz adyndan hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkiýeli işewür döwlet tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, hususan-da, türk kompaniýalary üçin döredilýän amatly şertleri özlerine bildirilýän uly hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işlejek sebitde iri döwrebap elektrik stansiýasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän täze toplumyň gurluşygy batly depginde dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini hem ýerine ýetirýändigini belledi.

Milli Liderimiz energetika desgalaryny, saglygy goraýyş merkezlerini, atçylyk toplumyny enjamlaşdyrmakda häzirki zamanyň sanly tehnologiýalaryndan ugur alynmalydygyny, toplumlaryň işiniň ösen tejribeler we ylmyň gazananlary esasynda ýola goýulmagyna aýratyn üns berilmelidigini belledi. Aýratyn-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda athanalaryň howa çalşygyny üpjün edýän, bedewleriň saglyk ýagdaýyny gözegçilikde saklaýan tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylmalydyr, athanalaryň düşek örtükleriniň döwrebaplygyna üns berilmelidir we bu ýerde ippoterapiýa usuly boýunça degişli çäreleri guramak üçin mümkinçilikler döredilmelidir.

Pursatdan peýdalanyp, Ahmet Çalyk “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda üstünlikli çykyş edip, ýokary derejeli baýraga mynasyp bolmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy gutlady. Işewür bu festiwala Bilal Ärdoganyň hem gatnaşyp, behişdi türkmen bedewleriniň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa edendigini we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza salamyny, “Galkynyş” toparynyň gazanan ýeňşi mynasybetli gutlaglaryny iberendigini aýtdy.

Duşuşykda Milli Liderimiz Ahmet Çalygyň kakasy Mahmyt Çalygyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Arkadagymyz işewüre hem-de onuň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini aýtdy.

Ahmet Çalyk medet beriji sözleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygynyň kyblasynyň aradan çykandygy sebäpli duýgudaşlyk bildirilip, aýat okaldy.

Türkiýeli işewür Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.