Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň administratory Aleksandr de Kronyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini, şol sanda 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistan boýunça täze ýurt maksatnamasynyň çäklerindäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Täze maksatnamanyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleri goldamak üçin möhüm gural hökmünde garalýandygy bellenildi. Bu özgertmeler sanly çözgütleri ösdürmäge, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, howa we ekologiýa gün tertibini ilerletmäge, şeýle hem durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Taraplar döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, dolandyryşyň häzirki zaman mehanizmlerini ornaşdyrmak, institusional kuwwaty berkitmek hem-de dolandyryş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak ugurlarynda bilelikdäki işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle hem saglygy goraýyş, adam kapitalyny ösdürmek we hukuk binýadyny pugtalandyrmak ugurlarynda täze bilelikdäki taslamalaryň ýokary derejede taýýardygy bellenildi.
Saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Hususan-da, saglygy goraýyş ulgamynyň durnuklylygyny berkitmek, pudagy döwrebaplaşdyrmak, derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny satyn almak, şeýle hem ilatyň saglygyny goramak boýunça milli maksatnamalary goldamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda durmuş taýdan goşulyşmak, ilatyň kömege mätäç toparlaryny goldamak, gender deňligini ilerletmek hem-de ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek meselelerine 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde garaldy. Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny milli maksatnamalara we strategiýalara yzygiderli ornaşdyrýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, strategik meýilleşdiriş, maglumatlary seljermek we ösüş maksatnamalarynyň netijeliligine baha bermek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle hem ýurduň ählumumy maksatlaryň ýerine ýetirilmeginde gazanan ösüşlerini seljermäge gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça 3-nji Meýletin milli synyň taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.
Taraplar howa, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ugurlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly ugur hökmünde Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny ilerletmek bellenildi.
Türkmenistanyň 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly hökmünde yglan etmek baradaky başlangyjynyň çäklerinde taraplar hukugyň hökmürowanlygy, netijeli döwlet dolandyryşy we institusional ösüş meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini bellediler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek maksady bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanma tassyklanyldy.