Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
03 iýul 2026
99

Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ýapon tarapynyň wekiliýetine bolsa Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili Işikawa Masaki ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki döwletara we hökümetara yzygiderli hem-de ynanyşmaga esaslanýan dialogyň ýapon-türkmen gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynyň üstünlikli ösdürilmeginiň berk binýady bolup durýandygy bellenildi.

Taraplar, ilkinji nobatda, dünýäde parahatçylygy berkitmek we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, abraýly halkara guramalarynyň, aýratyn-da BMG-niň çäklerinde özara utgaşdyrylan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem söhbetdeşler «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde amala aşyrylýan amaly hyzmatdaşlyga aýratyn üns berip, ýokary derejeli duşuşyklaryň we sammitleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Syýasy gatnaşyklary berkitmegiň çäklerinde diplomatlar iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň ýokary netijeliligini belläp, parlamentara dostluk toparlarynyň utgaşdyryjy ornuny aýratyn nygtadylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine geçilip, taraplar bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň ýerine ýetirilişini jikme-jik seljerdiler. Gaz-himiýa senagaty, energetika hem-de ulag-logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ýokary depgin bilen ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle-de bu ugurda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriniň ileri tutulýan pudaklarda hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki möhüm orny aýratyn nygtaldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, taraplar ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhümdigine ünsi jemlediler. Taraplar ylym we bilim ulgamyndaky alyşmalary dowam etdirmäge, Türkmenistanda ýapon dilini öwrenmek boýunça maksatnamalary goldamaga, şeýle hem iki halkyň arasyndaky medeni dialogy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Geňeşmeleriň jeminde taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassyklap, daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde netijeli gural bolup hyzmat edýändigini bellediler.