Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
23 oktýabr 2026
61

Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

​2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy, söwda-ykdysady we ulag-energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitini birleşdirýän ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge aýratyn üns berildi. Ministrler deňiz portlaryny we demir ýol ulgamlaryny goşmak bilen, döwletleriň logistika infrastrukturasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň strategik ähmiýetini bellediler.

Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň arasynda özara bähbitli sebitara hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Hususan-da, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy we Halkara deňiz guramasy ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi.

Türkmenistanyň tekliplerini durmuşa geçirmek üçin zerur bolan toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamagyň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň aýratyn ugry hökmünde türkmen tarapy Gruziýanyň mümkinçiliklerinden, şeýle hem strategik ähmiýetli taslamalardan peýdalanmagy teklip etdi.

Telekommunikasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň daşary işler ministri telekommunikasiýa torlaryny gurmak, şol sanda Hazar — Gara deňiz geçelgesi boýunça optiki-süýümli kabeli çekmek taslamasyna ünsi çekdi.

Duşuşyk sebitde üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmek, hereket edýän ulag ugurlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we sebitara gatnaşyklary giňeltmek meselelerinde ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berdi.

Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar üçin Batumi deňiz portuna tanyşlyk saparlary guraldy. Bu saparlar Gruziýanyň deňiz gatnawlary, ulag infrastrukturasynyň ösüşi we sebit logistikasynyň mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga şert döretdi.