Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
03 noýabr 2026
100

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

2026-njy ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda yzygiderli dialogy, şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.

Senagat, energetika, oba hojalygy we ulag-logistika ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi, şeýle hem Germaniýanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň arasyndaky amaly gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.