Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda gurluşyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 11–13-nji noýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda gurluşyk ministrleriniň duşuşygy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri A. Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.
Duşuşygyň çäklerinde gurluşyk, binagärlik, şähergurluşyk we infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri, şeýle hem bu ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtap geçdi. Şeýle hem umumy wezipeleri çözmekde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak we amaly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, degişli pudaklaýyn edaralaryň arasynda yzygiderli dialogy alyp barmagyň ähmiýetini belledi. Bu ugurda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Pekinde geçirilen gurluşyk ministrleriniň ilkinji duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen we gurluşyk hem-de şähergurluşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat eden Pekin başlangyjynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan birnäçe ugurlaryny öňe sürdi. Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaý gurluşygynyň hilini ýokarlandyrmak, şäherleriň we ilatly ýerleriň durnukly ösüşini üpjün etmek, sanly we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, şeýle hem maýa goýum we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly meseleler bar.
Çykyşda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli we döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde gurluşyk pudagyny ösdürmek we infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada hem maglumat berildi. Öňdebaryjy şähergurluşyk çözgütleriniň ornaşdyrylmagyna mysal hökmünde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri aýratyn bellenildi. Şäherde durmuşa geçirilýän döwrebap binagärlik we sanly çözgütleriň, şeýle hem infrastruktura toplumyny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň sebit derejesinde tejribe alyşmak üçin uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Mundan başga-da, ýer titremelerine durnukly gurluşyk, döwrebap şäherleri taslamak, şäher infrastrukturasyny dolandyrmagyň akylly ulgamlaryny ornaşdyrmak we jemgyýetçilik giňişliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler, şol sanda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda 2027–2028-nji ýyllarda gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy hem-de 2026-njy ýyl üçin gurluşyk meseleleri boýunça Bilelikdäki beýannamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem türkmen tarapy «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, konstruktiw dialogy pugtalandyrmaga we ozal gazanylan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmäge ygrarlydygyny tassyklady.