Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
16 noýabr 2026
31

Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilýän çärelerine gatnaşýar

2026-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi öz işine başlady. Bu mejlis YHG-a agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilýär.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjy döwletleriň wekilleri YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, ulag we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Gatnaşyjylaryň üns merkezinde Guramanyň sekretariatynyň we pudaklaýyn düzümleriniň alyp barýan işleri baradaky hasabatlara garamak, şeýle hem sebitiň uzak möhletleýin ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän strategik resminamalary ara alyp maslahatlaşmak meseleleri durýar.

Geçirilýän mejlisiň esasy maksady Yslamabat jemleýji komýunikesiniň taslamasyny we beýleki resminamalary jikme-jik işläp taýýarlamakdan, ylalaşmakdan hem-de olary ertir geçiriljek YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde garamak we tassyklamak üçin taýýarlamakdan ybaratdyr.

Türkmen tarapy ara alyp maslahatlaşmalara işjeň gatnaşmak bilen, konstruktiw dialogyň pugtalandyrylmagyna we YHG-nyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşant goşýar.