Baş sahypa / Habarlar
img
img
img
img
img
img
16 noýabr 2026
35

Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 13-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 13-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda YHG-nyň Türkmenistan üçin ösüşi ilerletmegiň hakyky guraly bolup galýandygyny belledi.

Türkmenistan YHG-nyň 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygynyň Strategik maksatlarynyň taslamasyny goldap, olaryň 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Awaza Hereketler maksatnamasy bilen sazlaşdyrylmagynyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem türkmen tarapy jemleýji komýunikede 2021-nji ýylyň Aşgabat Hereketler konsensusynyň ähmiýetini tassyklamak baradaky teklibi öňe sürdi.

Söwda ulgamynda Türkmenistan YHG-nyň Söwda ylalaşygyny çeýe, tapgyrlaýyn we ähli taraplary öz içine alýan esasda döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Hemişelik wekilleriň geňeşi tarapyndan goldanylan bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmek baradaky başlangyjyna üns çekildi.

Ulag meseleleri barada aýdylanda, türkmen tarapy Merkezi Aziýany Günorta Aziýa, Ýakyn Gündogar, Kawkaz we Ýewropa bilen birleşdirýän ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. YHG-nyň ulag ministrleriniň nobatdaky maslahatynyň Türkmenistanda geçiriljekdigi bellenildi.

Energetika ulgamynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň strategik ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga taýýardygy nygtaldy. Owganystany sebitdäki ykdysady proseslere çekmegiň zerurdygy hem bellenildi.

Mary şäheriniň 2028-nji ýyl üçin «YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty» diýlip yglan edilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ähli agza döwletler geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan YHG-nyň agza döwletleri, Sekretariaty we guramanyň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Guramada başlyklygy öz üstüne alan Pakistana üstünlikler arzuw edildi we Türkmenistanyň ony doly goldaýandygy beýan edildi.