2016-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Taşkent şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «Bilim we düşünjelilik – parahatçylyga we döredijilige ýol» şygary astynda Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky 43-nji mejlisi geçirildi.
Bu çärä guramanyň 50-den gowrak agza-ýurtlaryndan, şeýle hem halkara guramalaryndan we synçy-ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy.
Çäräniň başynda Kuweýt Döwletiniň Premýer-ministriniň birinji orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Sabah al-Halid al-Hamad as-Sabah çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Kuweýt Döwletiniň bu guramasyna başlyklyk eden döwründäki ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, gatnaşyjylara YHG-nda başlyklyk etmekligiň Özbegistana geçýändigi barada habar berdi.
Soňra Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 43-nji mejlisiniň açylyş dabarasynyň döwamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şawkat Mirziýoýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda YHG-niň ýolbaşçylygy astynda Samarkantda Halkara yslam ylmy-agtaryş merkezini döretmegi teklip etdi we YHG-niň agza-ýurtlaryny hakyky yslam gymmatlyklaryny we musulman medeniýetini goramaga çagyrdy.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Iýad Amin Madani Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň Özbegistan Respublikasynyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýelemegi, yslam dininiň ösmegi üçin uly goşant goşandygyny belledi.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 43-nji mejlisiniň dowamynda esasy jemleýji resminamasy Taşkent Jarnamasy bolup, onda syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar meseleler, şeýle hem Özbegistanyň guramada geljekgi başlyklyk etmeginiň esasy meseleleri şöhlelendiriler.