2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary VIII gurultaýy geçirildi, onda ýurdumyzyň esasy syýasy guramalarynyň biriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gurultaýa wekillerden başga-da, hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy edaralaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik birleşmeleriniň, köpçulikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bu ýere ýygnananlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurultaýa gatnaşyjylara iberen Gutlagyny diňlediler, onda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçýän 2018-nji ýylyň iri jemgyýetçilik-syýasy wakasyna öwrüljek bu gurultaýyň ähmiýeti bellenilýär.
Gurultaýa gatnaşyjylar hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlediler hem-de ýakyn geljek üçin Demokratik partiýanyň işiniň esasy ugruny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu meselä bagyşlanan hasabat bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Kasymguly Babaýew çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň yglan edilmeginiň yz ýanynda döredilen Demokratik partiýa işjeň jemgyýetçilik-syýasy güýje öwrüldi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda 57 partiýa komiteti, şol sanda 5 welaýat, 12 şäher hem-de 45 etrap, şeýle hem ilkinji partiýa guramalarynyň 6 müňe golaýy hereket edýär. Olar raýatlaryň 211 müňden gowragyny özünde birleşdirýär.
Soňra gurultaýyň gün tertibiniň esasy bölümleri boýunça Demokratik partiýanyň işjeň agzalary çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar ýakyn geljekde öňde durýan işleriň üstünde durup geçip, ýaşlary watançylyk we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemek, olary ýurdumyzda ýaýbaňlanan özgertmelere giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ornuny bellediler.
Çykyşlar tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň çykyşyny goldamak hakyndaky kararyň taslamalary sese goýulýar hem-de biragyzdan kabul edilýär.
Soňra K.G.Babaýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edildi.
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy wezipesine Ata Serdarow saýlanyldy. Gurultaýyň barşynda şeýle hem birnäçe beýleki guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.