2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana iş sapary bilen 10-njy oktýabrda gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen gepleşigi geçirildi.
Prezident Rustam Minnihanow mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar hem-de mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna mähirli salamyny beýan etdi hem-de şu günki duşuşygyň türkmen-tatar gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara bähbitlere laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda ýakyn we uzak möhletli geljegi nazara almak bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi hem-de soňky ýyllarda täze kuwwatly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak meselesi hem gyzyklanma bildirilip, ara alyp maslahatlaşyldy.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti bilen mähirli hoşlaşyp, Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp açylan ykdysady üstünlikleriniň sergisine bardy. Ol ýerde ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimizde gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri bilen tanyşdy.
Şeýle hem Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan türkmen-tatar işewürler maslahatyna gatnaşdy. Bu foruma gatnaşmak üçin Tatarystanyň döwlet edaralarynyň, pudaklaýyn ministrlikleriniň, döwlet we hususy guramalarynyň, iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden düzülen uly wekiliýeti Aşgabada geldi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurdumyzyň minstrlikleriniň we pudak edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriň, komitetleriniň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Forumda Rustam Minnihanow çykyş etdi we ol öz çykyşynda Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gepleşikleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekligi nygtady.
Forumyň umumy bölüminiň soňunda “2017-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň meýilnamasyna” we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akadmiýasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy iş saparyny tamamlap, paýtagtyň Halkara howa menziline bardy we Aşgabatdan ugrady.