img
img
img
img
12 iýun 2026
93

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Denizli şäheriniň Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan ylmy maslahaty gurady.

Çärä Pamukkale uniwersitetiniň rektory, professor doktor Mahmut Güngör, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň, ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda 2026-njy ýylyň şygarynyň ähmiýeti nygtalyp, onuň Türkmenistanyň garaşsyzlyk, hemişelik bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we döredijilikli ösüş ýörelgelerine ygrarlylygyny şöhlelendirýändigi bellenildi.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri, hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan halkara başlangyçlary, şeýle hem bilim, ylym, medeniýet we ykdysadyýet ugurlarynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi barada giňişleýin maglumat berildi.

Çäräniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri hem-de Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şol gün Denizli şäherinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan fotosergi hem açyldy.

Mundan başga-da, Denizlä amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Denizli welaýatynyň häkimi Ýawuz Selim Köşger, şäher häkimi Bülent Nuri Çawuşogly hem-de Pamukkale uniwersitetiniň rektory Mahmut Güngör bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň barşynda bilim, medeni-ynsanperwer we söwda-ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.