img
img
img
img
24 mart 2023
5448

Türkmenistan we Ýaponiýa hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýar

2023-nji ýylyň 23-nji martynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Kenji Ýamadanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere we duşuşyklara üns berdiler.

Şeýle hem, taraplar duşuşygyň dowamynda dürli ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Diplomatlar “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň hem-de halkara guramalaryň çäklerindäki köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.