icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

25 maý 2023

1353

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça geňeşiniň sessiýasyna gatnaşýar

2023-nji ýylyň 22-26-njy maýynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça geňeşiniň (CCPCJ) 32-nji sessiýasyna gatnaşýar.

Geňeşiň bu ýylky sessiýasy «Adyl kazyýete elýeterliligi üpjün etmek hem-de howpsuz we goragly jemgyýeti gurmak maksady bilen adyl kazyýet ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak» diýen mowzuk bilen geçirilýär.

Sesssiýanyň açylyşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy Çaba Körýöşi, Ykdysady we durmuş geňeşiniň başlygy Luçezar Stoýewa, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň ýerine ýetiriji sekretary Gada Wali hem-de CCPCJ-iň 32-nji sessiýasynyň başlygy Meri Mugwanýa çykyş etdiler hem-de olar jenaýatçylyga garşy göreş boýunça ählumumy tagallalaryň ösmeginde bu Geňeşiniň wajyp ornunyň bardygyny bellediler.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda transmilli jenaýatçylyga garşy göreş boýunça halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeň ilerlemegine Türkmenistanyň oňyn goşandynyň bardygyna gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda guramaçylykly jenaýatyň ähli görnüşleriniň ýok edilmegi boýunça anyk maksatlara gönükdirilen işler alnyp barylýar. Terrorçylyk, adam söwdasy, korrupsiýa, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly guramaçylykly jenaýatlara garşy gönükdirilen Milli maksatnamalaryň kabul edilmegi we olaryň doly derejede amala aşyrylmagy muňa şaýatlyk edýär.

Türkmenistan BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň sebitde jenaýatçylyga garşy göreşde ýardam bermek, halkara kadalara laýyklykda bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak babatyndaky başlangyçlaryna ýokary baha berýär.

Türkmenistanyň BMG-niň transmilli guramaçylykly jenaýata garşy Konwensiýasyna we onuň teswirnamalaryna gatnaşyjy döwlet hökmünde bu resminamalaryň kadalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça syn geçirmek işine gatnaşýandygy hem nygtaldy. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bu syny geçirmek işinde türkmen tarapyndan utgaşdyryjy bolup çykyş edýär we bu babatda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi