icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

26 maý 2023

1191

Bakuda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy Azerbaýjanyň ylym we bilim ministrliginiň ýardam bermeginde Azerbaýjan döwlet mugallymçylyk uniwersitetinde wideoulgam arkaly “Magtymguly Pyragy we dünýä edebiýaty” atly halkara ylmy-barlag maslahatyny geçirdi.

Şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu çärä teleköpri arkaly Türkmenistanyň bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň ylym we bilim ministrliginiň, Milli ylymlar akademiýasynyň we Azerbaýjan döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler türkmen akyldar şahyrynyň edebi mirasynyň ýetişip gelýän nesli watansöýüjilik, dogruçyllyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinde terbiýeläp ýetişdirmekdäki uly ähmiýetini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi