20 fewral 2019
4463
Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary
2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabat şäherine resmi sapar bilen gelýär.
Saparyň çäklerinde 21-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda duşuşyk meýilleşdirilýär. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň liderleri syýasy, söwda-ykdysady, ulag, energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekki ösüşi barada pikir alyşarlar. Şeýle-de ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.
Başga habarlar
05
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
05
Sep
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen duşuşygy geçirildi
04
Sep
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
04
Sep
Türkmenistan Parahatçylyk medeniýeti boýunça BMG-niň ýokary derejeli forumynda Bitaraplygyň dostlary toparynyň garaýşyny beýan etdi
02
Sep
Aşgabatda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
Ähli habarlary görmek