10 oktýabr 2019
3080
Iki döwletiň Prezidentleri türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Prezident Ilham Aliýewiň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.
Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň geljekki gatnaşyklaryny, şeýle-de iki ýurduň Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Başga habarlar
21
Noý
“Awaza” toplumynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji plenar mejlisi geçirildi
20
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
20
Noý
Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň duşuşygy
20
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek