25 iýun 2020
4416
Häzirki wagtda daşary ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlary üçin Maglumat
Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär.
Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň hereket edýän möhleti 1 (bir) aýdan 6 (alty) aýa çenli uzaldyldy.
Arza ýazýan raýat şahadatnamany almak üçin ýüz tutanda şu aşakdaky resminamalaryň bolmagy zerurdyr:
- arza;
- 3 x 4 sm ölçegli 2 sany reňkli fotosurat;
- terjimehaly;
- bar bolan ýagdaýynda, arza ýazýan raýatyň şahsyýetini kesgitlemäge, onuň Türkmenistanyň çäklerinde bolýan ýerini ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamaga, Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigini tassyklamaga mümkinçilik berýän resminamalary (suratly gulluk şahadatnamasy, Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň kepilnamasy we ş.m.)
- Raýat bellenilen görnüşdäki sowalnamany dolduryp, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutup biler.
Başga habarlar
23
Oct
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
23
Oct
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
22
Oct
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
22
Oct
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi
21
Oct
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Ähli habarlary görmek