25 iýun 2020
4065
Häzirki wagtda daşary ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlary üçin Maglumat
Türkmenistanyň raýaty öz şahsyýetini tassyklaýan resminamany ýitiren, ogurlanan, ulanyp bolmajak derejede zaýalanan ýa-da onuň möhleti dolan, şeýle hem daşary ýurt döwletinde Türkmenistanyň raýatlygyna degişli bolan çaganyň doglan halatlarynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan oňa Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama resmileşdirilýär.
Daşary ýurt döwletlerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň özlerine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnamanyň hereket edýän möhleti 1 (bir) aýdan 6 (alty) aýa çenli uzaldyldy.
Arza ýazýan raýat şahadatnamany almak üçin ýüz tutanda şu aşakdaky resminamalaryň bolmagy zerurdyr:
- arza;
- 3 x 4 sm ölçegli 2 sany reňkli fotosurat;
- terjimehaly;
- bar bolan ýagdaýynda, arza ýazýan raýatyň şahsyýetini kesgitlemäge, onuň Türkmenistanyň çäklerinde bolýan ýerini ýa-da ýaşaýan ýerini anyklamaga, Türkmenistanyň raýatlygyna degişlidigini tassyklamaga mümkinçilik berýän resminamalary (suratly gulluk şahadatnamasy, Türkmenistanyň ygtyýarly edaralarynyň kepilnamasy we ş.m.)
- Raýat bellenilen görnüşdäki sowalnamany dolduryp, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutup biler.
Başga habarlar
27
Jul
KHBS üçin maglumat
25
Jul
Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
25
Jul
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy «Halkara hukugynyň ýyly, 2028» atly Kararnamany kabul etdi
24
Jul
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
24
Jul
Türkmenistanyň Ilçisi Maldiwler Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
Ähli habarlary görmek