Baş sahypa / Habarlar
img
16 iýun 2017
3483

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň üçünji mejlisi geçirildi

2017-nji ýylyň 16-njy iýunynda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-wenger hökümetara toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Toparyň wenger bölegine Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrligindäki Döwlet sekretary Iştman Mikola baştutanlyk etdi.

Toparyň işine ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem işewürler toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisde taraplar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri barada maglumatlary alyşdylar, şeýle hem geljekde ugurlaryň giň çygry boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek babatda teklipler berildi.

Gepleşikleriň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy. Wenger wekiliýetiniň agzalary ýurduň oňyn maýa goýum mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, nebit-himiýa, gaz, agrosenagaty we suw hojalyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Türkmen tarapy saglygy goraýyş we derman senagaty pudaklaryndaky gatnaşyklary geljekde dowam etmekde hem-de ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen täze ýokary derejä çykarmakda gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň başlyklary mejlisiň jemleriniň netijeli häsiýeti barada aýdyp, iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanşygyny has hem işjeňleşdirmek maksatlaryny beýan etdiler. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-wenger toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi we geljekki döwürdäki döwletara hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi.