Baş sahypa / Habarlar
img
09 iýun 2026
84

Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi

2026-njy ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi.

Robert Floýd wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasatyna ýokary baha berdi hem-de ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, şu ýyl Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamanyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýandygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmanyň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda bu Şertnamanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli sebitleýin maslahata gatnaşjakdygyny aýdyp, onuň saparynyň çäklerinde geçirjek duşuşyklarynyň netijeli bolmagyny arzuw etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Robert Floýdy bu şanly sene bilen gutlady.

Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, bu şanly senäniň Türkmenistanda bellenilmeginiň ýurdumyzyň parahatçylyk taglymlaryna ygrarlydygynyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy, Ýadro ýaraglarynyň synaglarynyň ählumumy gadagan edilmegi, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak ýaly möhüm Şertnamalara gatnaşyjylaryň biri hökmünde öz üstüne alan borçnamalaryny doly derejede ýerine ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetine üns çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdyň saparynyň netijeleriniň Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga oňyn goşant goşjakdygyna ynam bildirip, oňa berk jan saglyk, işinde üstünlikleri arzuw etdi.