Baş sahypa / Habarlar
img
23 noýabr 2026
22

Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi

Paýtagtymyzdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýewropanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Bu dabara mynasybetli Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertine gatnaşmak üçin medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, nusgawy Ýewropa sazynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de bileleşige agza döwletleriň ýurdumyzdaky ilçihanalary tarapyndan bilelikde guralýan bu döredijilik forumynyň ýurtlarymyzyň hem-de olaryň halklarynyň medeni däp-dessurlary, häzirki zaman sungatynyň ösüş ugurlary barada giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

Şunuň bilen birlikde, parahatçylygy, dostlugy pugtalandyrmakda, medeniýet, bilim ulgamlarynda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmekde şu gezekki çäräniň ähmiýeti nygtaldy. Daşary ýurtly wekiller Medeniýet günleriniň ýokary derejede geçirilmegi babatda döredilen mümkinçilikler, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän ünsi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra bu ýerde Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti ýaýbaňlandyryldy.

Şu günlerde italýan jaz aýdymçysy Simona de Rozanyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropanyň döredijilik wekiliýeti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna baryp gördi. Bu ýerde mugallymlar we talyplar üçin ussatlyk sapaklary geçirildi.

Şeýlelikde, Ýewropanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri ýurdumyzyň hem-de ÝB-niň ýurtlarynyň arasynda medeni dialogyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly bolmak bilen, däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga goşant goşar.