Türkmenistan — Özbegistan: hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ilerledip
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisi geçirildi.
Oňa toparyň türkmen tarapyndan agzalary, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekiliýet topary gatnaşdy.
Mejlisiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alşyldy, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine, köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryna garaldy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallalary bilen özara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylyp, anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan we Özbegistan netijeli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, bilelikde geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata eýedir.
Taraplar mejlisiň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini, hususan-da, energetika, ulag, logistika, oba hojalygy, derman senagaty we syýahatçylyk pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigine üns çekildi. Taraplar munuň üçin täze netijeli gurallary yzygiderli işläp taýýarlaýarlar. Sebitleriň forumy, türkmen-özbek işewürler geňeşi, söwda-senagat sergileri ýaly çäreler iki ýurduň hususy pudagynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
Geçen ýylyň noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň goňşy ýurda amala aşyran döwlet saparynyň dowamynda dabaraly açylyp ulanmaga berlen Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi söwda gatnaşyklarynyň ösüşinde täze sahypany açdy. Mejlise gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, söwda-ykdysady we işewürlik gatnaşyklary üçin döredilýän amatly mümkinçilikler sebitara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge taýýardygyny tassykladylar.
Ulag ulgamy Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezinde ýerleşýän ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerini baglanyşdyrýan wajyp pudak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýük daşamalaryň möçberiniň artdyrylýandygy, gümrük-logistika amallarynyň ýeňilleşdirilýändigi nygtaldy. Senagat korporasiýasy, himiýa, awtomobil gurluşygy, elektrotehnika önümçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy-tehniki ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalarydyr innowasiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Mejlisde ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi. Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 19-njy mejlisiniň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklamak bilen, mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde strategik häsiýete eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe bolup, geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
***
Şol gün Türkmen-Özbek işewürler geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň, şol sanda energetika, ulag we logistika, oba hojalygy, derman senagaty hem-de syýahatçylyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Özbegistanyň söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.