Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary
2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.
Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Howa menzilinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň resmi wekiliniň arasynda söhbetdeşlik boldy.
“Zagulba” köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Ilham Aliýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Prezident Ilham Aliýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Azerbaýjana sapar bilen gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň däp bolan dostlukly azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga itergi berjekdigini nygtady.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, häzirki wagtda türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýokary derejedäki yzygiderli dialogyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy şerti bolup durýandygyny nygtap, hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Prezident Ilham Aliýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Dostlukly ýurduň Lideri, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, azerbaýjan-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi.
Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Ilham Aliýew Gahryman Arkadagymyza Fizuli şäherinde sowgat hökmünde metjit gurmak baradaky çözgüdi üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Dostlukly ýurduň Prezidenti ikitaraplaýyn gün tertibiniň özara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýandygyny aýdyp, Türkmenistanda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde Azerbaýjanyň döredijilik toparlaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Ilham Aliýew ählumumy gün tertibiniň ulag, energetika howpsuzlygy ýaly möhüm meseleleri barada aýdyp, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň bilelikdäki başlangyçlaryň çäklerinde sebitde, şeýle hem dünýäde möhüm orun eýeleýändiklerini belledi we türkmen wekiliýetini azerbaýjan topragynda ýene-de bir gezek mübärekledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi.
Ýokary derejedäki duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmeginiň esasy şerti bolup durýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, BMG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny belläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk daşary syýasat ugruny, parahatçylygy üpjün etmäge, durnukly ösüş üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
“Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, biz 2026-njy ýylyň oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Hazarýaka döwletleriň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmegi teklip etdik” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, bu ulgamda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň durnukly ösüş depginini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň ýurdumyzdan Azerbaýjan Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilikleriniň bardygyny, häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň amatly geografik ýerleşişini nazara almak bilen, olar halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine möhüm goşant goşmaga ukyplydyrlar. Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ulag geçelgesi üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr.
Ýurtlarymyz Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Rumyniýa ugry boýunça Hazar deňzi - Gara deňiz ulag geçelgesini döretmek baradaky başlangyçlary goldaýarlar. Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan toparynyň işini güýçlendirmegi teklip etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we dokma senagatlarynda, beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hem aýratyn ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda möhüm ruhy taslamanyň - Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygynyň amala aşyrylýandygyny aýdyp, metjidi gurmak başlangyjynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza degişlidigini nygtady.
Sözüniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirip, Prezident Ilham Aliýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işinde uly üstünlikleri, doganlyk azerbaýjan halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.
Ondan soň iki ýurduň Prezidentleri Azerbaýjan Respublikasy tarapyndan Türkmenistana “Dostluk” nebit tankeriniň gowşurylmagy mynasybetli dabara gatnaşdylar.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow “Ýeňiş” ýadygärlikler toplumyna bardy we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgäri Geýdar Aliýewi hatyralap, onuň guburyna gül desselerini goýdy.
Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül dessesini goýdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hormatyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.