Baş sahypa / Habarlar
img
30 iýun 2026
47

Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2026-njy ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda iş alyp barmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi we pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň ösüşleriniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de işewür pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz işewüri mähirli mübärekläp, onuň ýurdumyza saparynyň dowamyndaky duşuşyklarynyň üstünlikli geçjekdigine hem-de olaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklara ýokary baha berýär. Iri koreý kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, ilkinji nobatda, nebitgaz toplumynda we himiýa senagatynda alyp barýan netijeli işleri munuň aýdyň mysalydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyz bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda oňyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýdyp, häzirki wagtda bu kompaniýanyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň taslamasyny durmuşa geçirýändigini, bu taslamanyň milli himiýa senagatynyň önümleriniň diňe bir içerki bazary üpjün etmäge däl, eýsem, daşary ýurtlara eksportynyň gerimini giňeltmäge-de mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Işewür bildirilýän ynam we netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň ykdysady ösüşine goşant goşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.