Baş sahypa / Habarlar
img
20 iýul 2026
369

KHBS üçin maglumat

Şu gün, 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibindäki birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki bilim we medeni taslamalaryň birnäçesini ilerletmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda ýokary we iň ýokary derejelerdäki köpugurly çärelere degişli meýilleşdirilen duşuşyklary hem öz içine alýan öňde boljak çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy esasynda geçirildi.

  Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy