Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi.
Forumyň işi başlamazdan öň Garaşsyzlyk ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine baryp, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty öz işine başlady.
Maslahat açyk diýlip yglan edilip, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi.
Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Soňra maslahatyň gün tertibi biragyzdan tassyklanyldy. Onda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň netijeleri we dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň gün tertibindäki meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi.
Şeýle-de Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar, dünýä döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini şertlendirýän iri halkara taslamalar barada giňişleýin durlup geçildi.
Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygarynyň mazmunyna laýyklykda geçirilýän çärelere aýratyn üns çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport ugurlary boýunça meýilleşdirilen çäreleriň Maksatnamasynyň kabul edilendigi barada aýdylyp, ýylyň başyndan bäri ahalteke bedewlerimiziň we türkmen atşynaslarynyň gatnaşmagynda guralan iri çäreler barada nygtaldy.
Çykyşlarda daşary ýurtly watandaşlarymyz pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge, häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga döredilýän mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk beýan edildi.
Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyzystandan, Owganystandan, Germaniýadan, Eýrandan gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olar her gezek Türkmenistana gelenlerinde haýran galdyrýan ösüşleri görüp, muňa örän buýsanýandyklaryny, Garaşsyzlygyň diňe bir ata Watanymyzyň tanalmaz derejede özgerdendigini nygtadylar.
Çykyşlarda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Maslahatyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty ýapyk diýlip yglan edilenden soňra, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.