Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi.
Duşuşyk Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlyklyk etmeginde geçirilip, oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň degişli ministrleri we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çäre suw hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri we sebitara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi boýunça pikir alyşmak üçin açyk we konstruktiw meýdança öwrüldi.
Duşuşygyň dowamynda wekiliýetleriň agzalary Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň häzirki ýagdaýy, bar bolan meseleler we milli çemeleşmeler barada çykyş etdiler. Serhetüsti suw serişdelerini bilelikde dolandyrmak, sebit döwletleriniň durmuş-ykdysady we demografik ösüşini nazara almak bilen suw serişdelerinden peýdalanmagyň usullaryny kämilleşdirmek, şeýle hem howanyň üýtgemegi şertlerinde suw pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Açyk pikir alyşmalaryň we konstruktiw garaýyşlaryň netijesinde duşuşyga gatnaşyjylar suw hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak boýunça geljekki ädimler babatda umumy garaýşy kemala getirdiler. Çäräniň türkmen topragynda geçirilmegi Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we sebitiň umumy meselelerini çözmekde konstruktiw dialog ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.