Baş sahypa / Habarlar
img
08 oktýabr 2026
42

“Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat

2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi” atly halkara maslahat geçirildi. Bu giň möçberli çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, GDA ýurtlarynyň parlamentleriniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş ugurly syýasaty durmuşa geçirýär we bu syýasatda adam, onuň durmuşy, hukuklary we mertebesi iň ýokary gymmatlyk hökmünde kesgitlenilýär.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, ilkinji nobatda, BMG-niň Ilat gaznasy, Ösüş maksatnamasy hem-de Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu edaralar bilen bilelikdäki işler demografik görkezijileri ýygnamak we seljermek ulgamyny kämilleşdirmäge, Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerine gözegçilik etmäge, şeýle hem ilat we ösüş ulgamlarynda iň gowy dünýä tejribesini alyşmaga gönükdirilendir.

Forumyň dowamynda demografik prosesleri dolandyrmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryna we olary uzak möhletli durmuş-ykdysady meýilnamalara ornaşdyrmagyň meselelerine aýratyn üns berildi. Çykyş edenler netijeli çözgütleriň ilatyň düzümini we esasy görkezijileri çuňňur seljerme işini talap edýändigini nygtadylar.

Mejlisde ilat ýazuwynyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň maglumatlaryny döwlet dolandyryşynyň maglumat binýadyny döretmek üçin netijeli ulanmak meselelerine garaldy. Statistika edaralarynyň hünärmenleri hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň bilermenleri ilkinji maglumatlary ýygnamagyň we işlemegiň döwrebap sanly tehnologiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar demografik ösüş bilen milli zähmet bazarynyň ösüşiniň arasyndaky deňagramlylygy üpjün etmegiň meselelerine seredip geçdiler.

Maslahatyň çäklerinde demografiýa ulgamynda hukuk we institusional binýady kämilleşdirmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. Hukukçylar we halkara bilermenler milli kanunçylygy halkara konwensiýalaryň we BMG-niň maslahatlaryna laýyk getirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar döredilen ajaýyp şertler üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan edip, maslahatyň dowamynda seredilen ylmy çemeleşmeleriň bu ugurda döwlet syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Maslahatyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.