Baş sahypa / Habarlar
img
10 oktýabr 2026
60

Türkmenistanyň DIM-nde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Korinn Kapuano bilen duşuşyk geçirildi.

M.Bäşimowa Korinn Kapuano «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde geçirilen «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we Durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahata gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de bu çäräniň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ilatyň saglygyny goramak babatda özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar özara konstruktiw dialogyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.